Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Döwlet senasy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Döwlet senasy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 67-nji madda)
(Türkmenistanyň 13.03.2021 ý. № 339-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýazgysyny we sazynyň notasyny tassyklamaly (senanyň ýazgysy we sazynyň notasy goşulýar).
2-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanydyr we ol türkmen milletiniň agzybirligini hem-de jebisligini janlandyryp görkezýär.
3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy sazly-şahyrana eser bolup, ol şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy orkestr, orkestriň ýa-da gaýry saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde hor tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Onuň ýerine ýetirilişi ses we wideoýazgy serişdeleri, şeýle hem tele we radio alyp beriş serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň Döwlet senasy onuň tassyklanan ýazgysyna we sazynyň notasyna takyk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.
4-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär:
1) Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul edip öz wezipesine girişende;
2) Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň maslahatlary açylanda we tamamlananda;
3) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň resmi taýdan galdyrylyş dabaralarynda;
4) diplomatik protokola laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň resmi sapar bilen gelen döwlet we hökümet baştutanlaryny garşylamagyň we ugratmagyň dabaralarynda;
5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalaryna laýyklykda harby däp-dessurlar geçirilýän wagtynda;
6) Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklaryna bagyşlanan dabaralar açylanda we tamamlananda;
7) döwlet teleýaýlymlarynyň we radioýaýlymlarynyň işiniň başlanan we tamamlanan pursadynda;
8) Türkmenistanyň döwlet derejesinde geçirilýän çärelerinde.
Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilip bilner:
1) ýadygärlikler açylanda;
2) döwlet edaralary we guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem beýleki guramalar tarapyndan döwlet ähmiýetli dabaraly çäreler geçirilýän wagtynda.
5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň şu Kanuny bozmak bilen ýerine ýetirilmegi ýa-da peýdalanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet senasynyň hormatynyň gaçyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
7-nji madda. «Türkmenistanyň Döwlet gimni hakynda» 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., №3, 57-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2008-nji ýylyň 5-nji dekabry.
№235-III.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
This work is in the public domain in the U.S. because it is an edict of a government, local or foreign. See § 313.6(C)(2) of the Compendium of U.S. Copyright Office Practices, 3rd ed. 2014 (Compendium (Third)) . Such documents include "legislative enactments, judicial decisions, administrative rulings, public ordinances, or similar types of official legal materials."
These do not include works first published by the United Nations or any of its specialized agencies, or by the Organization of American States. See Compendium (Third) § 313.6(C)(2) and 17 U.S.C. § 104(b)(5). A non-American governmental edict may still be copyrighted outside the U.S. Similarly, the above U.S. Copyright Office Practice does not prevent U.S. states or localities from holding copyright abroad, depending on foreign copyright laws and regulations. | |
|